Alym hem žurnalist

14 Ýanwar 2021
1423

Şirin Gylyçmedowa özüniň taryhy makalalaryny, ýaýlyma berilýän «Asyrlaryň ýaňy» atly gepleşigini türkmen zenanlarynyň geçmişdäki orny bilen baglanyşdyryp taýýarlamaga uly üns berýär.

«Miras» teleradioýaýlymynda tomaşaçylara hödürlenýän «Asyrlaryň ýaňy» atly gepleşigi gördügiňçe göresiň gelýär. Gadymy ýadygärlikler barada giňişleýin söhbet açýan bu gepleşigiň tomaşaçynyň aňyna ornamagy, olaryň arasynda gyzyklanma döredip, dürli sowallaryň ýüze çykmagy gepleşigi taýýarlaýan awtoryň işjanlylygyny, mydama gözlegdedigini aňladýar. Gözleg bolsa abraý getirýär. Indi ençeme ýyllardan bäri türkmen topragynyň geçmişinden, ýaşaýyş durmuşyndan habar berýän ýadygärlikleriň täsin syryny öwrenýän Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti Şirin Gylyçmedowadyr.

Ogulbaýram TAGANOWA,
žurnalist.