Asyl köke kökerilen meşhur sazanda Mylly Täçmyradowyň mukam ýoluna ser salyp...

14 Ýanwar 2021
1467

Türkmeniň halypa-şägirtlik mekdebinde bir däp bolupdyr. Halypa öz şägirdine ak pata berende, dutar sowgat berýän eken. Şeýle däbe eýerip, Mämmetmyrat ussa hem şägirdine öz ýasan dutarlarynyň birini sowgat beripdir. Mylly aganyň bütin ömrüne çalan, ençeme toý-baýramçylykda halkyň sagbolsunyny alan dutaryny Mämmetmyrat ussa ýasapdyr.

Köpetdagyň tämiz howasyndan dem alyp oturan Ýaňgala obasynda 1885-nji ýylda dünýä inen oglanjyga Annaseýit diýip at dakypdyrlar. Aý-gün geçýär, oglanjyk bir ýaşaýar, emma ol ýöräberenok. Adaty çagajyklar ilki emedekläp, bir ýaşda «ýörjen-ýörjen» bolýarlar. Täçmyrat aga oglunyň adyny serdarlara ýanap dakan hem bolsa, onuň bu umydy soň-soňlar ýatdan çykýar. Kiçijik Annaseýit gowşajyk bolupdyr. Täçmyrat aga welin daýaw, süňňi sagdyn pälwan adam bolupdyr. Ol toýlarda göreş tutulsa, pälwanlygyny görkezip, köp baýraklary alypdyr. Il arasynda onuň arkasy ýere degmeýän pälwanlygyny aňladýan: «Putluk ýaly bolup, bu ýeňer-le» diýen sözler kän gaýtalanýan eken. Şondan soň Täçmyrat aganyň adynyň gapdalyna «put» lakamy goşulypdyr. Bu barada Mylly Täçmyradowyň öz ýatlamalary hem bar: «Men oglankam kakamyň düýäň üstündäki gyşaryp duran çuwaly bir egni bilen galdyryp düzedenini gördüm, men oňa öýkünjek bolup, kän synanyşardym».

Annaseýit ANNAMYRADOW,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly mugallymy.