Dünýä dynçlyk paýlaýan baýlyk

13 Ýanwar 2021
2304

Biribaryň nazary düşen keremli türkmen topragy uglewodorod serişdeleriniň uly gorlaryna eýedir. Garaşsyzlyk ýyllarynda nebitdir tebigy gazyň täze ýataklaryny senagat taýdan özleşdirmek, çig mallary gazyp almak, gaýtadan işlemek we sarp edijilere ugratmak meselelerinde düýpli ilerlemeler bolup geçdi. Bu işler häzirki wagtda hem depginli dowam edýär. Şeýle oňyn özgerişlikleriň gözbaşynda bolsa Türkmenistany dünýäniň senagat taýdan ösen döwletleriniň hataryna deňleşdirmegi maksat edinýän hormatly Prezidentimiz durýar. Özi-de bahasyz baýlyklarymyz ýer ýüzünde parahatçylygy, dünýäde dynçlygy berkarar etmegiň hyzmatynda goýulýar.

Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine giňden daýanmak bilen, sebitde parahatçylygy pugtalandyrmaga, ynanyşmagy berkitmäge gönükdirilen dünýä nusgalyk syýasaty belent abraý bilen ýöredýär. Beýik maksatlara ýetmegiň hatyrasyna ýakyndaky we alysdaky döwletler bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklar täze derejelere çykarylýar. Şonda, ýokarda belleýşimiz ýaly, ýangyç-energetika pudagyndaky barha giňelýän hyzmatdaşlyklar ählumumy parahatçylygy berkarar etmäge uly ýardam berýär. Bu babatda Hytaý Halk Respublikasy ýurdumyzyň esasy hyzmatdaşlarynyň biridir. Üstünlikli ýola goýlan söwda-ykdysady gatnaşyklaryň çäginde Türkmenistan — Hytaý transmilli gaz geçirijisi arkaly türkmen tebigy gazy alysdaky ýurda üznüksiz akdyrylýar. Bu ägirt uly gaz geçirijisi özüniň gözbaşyny welaýatymyzyň çäginden, has takygy, «Malaý» gaz käninden alýar.

Mämmetgylyç KÜTIÝEW,
ýörite habarçymyz.