Il saglygy — ýurt baýlygy

8 Ýanwar 2021
2237

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe durmuşa geçirilýän ägirt uly işleriň netijesinde Türkmenistan Watanymyz dünýäde sport döwleti diýlip ykrar edildi. Ýurdumyzyň obalarynda, şäherçelerinde, şäherlerinde gurlup, ulanylmaga berlen dürli sport desgalary bu günki gün bagtyýar raýatlarymyzyň, esasan hem, ýaş nesilleriň öz bedenlerini taplaýan, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanýan iň gelim-gidimli ýerlerine öwrüldi. Welaýat sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň Balkanabat şäherindäki 2-nji sport mekdebi hem şolaryň biridir.

Mekdebimizde sportuň dürli görnüşleri boýunça 43 topar bilen türgenleşik işleri, okuw sapaklary geçirilýär. Ýyllyk iş meýilnamasy boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Lukmanlar, tälimçiler bilen maslahatlar we beýleki çäreler guralýar. «Il saglygy — ýurt baýlygy» diýen şygardan ugur alyp, işgärleriň we mekdebimizde türgenleşýän türgenleriň saglygyna yzygiderli gözegçilik işleri ýola goýuldy. Möwsümleýin ýiti respirator kesellerinden goranmagyň düzgünleri barada ýygy-ýygydan guralýan çärelerde giňişleýin gürrüň edilýär.

Bägül GURBANMÄMMEDOWA,
welaýat sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň Balkanabat şäherindäki 2-nji sport mekdebiniň sport lukmany.