Ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşini häzirki zaman ülňülerine laýyk ilerletmekde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň düzgünleriniň we ylym çygryna degişli kanunçylygyň ähmiýeti uludyr.
Esasy Kanunymyzyň ylym çygryna degişli ýolgörkeziji düzgünleriniň ösüşi «Ylmy intellektual eýeçilik hakynda», «Ylmy işgäriň hukuk ýagdaýy hakynda», «Ylmy edaralar hakynda», «Döwlet ylmy-tehniki syýasaty hakynda», «Ylmy-tehnologiýa parklary hakynda», «Innowasiýa işi hakynda», «Oýlap tapyşlaryň hukuk goragy hakynda» hem-de «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynda we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda öz beýanyny tapýar.