Gymmatlyklarymyz dünýä mirasynda

8 Ýanwar 2021
2012

ÝUNESKO-nyň halkara kadalaryna laýyklykda, halkymyzyň medeni we ruhy gymmatlyklary bolan ahalteke atlaryny seýislemek sungatynyň hem-de türkmen alabaý itlerini köpeltmegiň milli aýratynlyklarynyň dünýä derejesindäki ähmiýetini ýokarlandyrmak maksady bilen, olary Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek üçin hödürnamany taýýarlamak boýunça işler ýola goýuldy.

Milli Liderimiziň alyp barýan döwlet syýasatynda medeni-ynsanperwer ugur esasy orunlaryň birini eýeleýär. Ýurdumyzda türkmen halkynyň gadymy milli däp-dessurlaryny, pähimlerini we medeni-ruhy gymmatlyklaryny öwrenmek boýunça Prezident Maksatnamasynyň çäklerinde işlenip taýýarlanan «Türkmenistanda Medeniýet ulgamyny ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň» çäklerinde netijeli işler alnyp barylýar. Watanymyzyň çar künjeginde medeniýet hyzmatlarynyň hilini giňeltmek we ösdürmek üçin, ilata elýeterligini gowulandyrmak, döredijilik toparlarynyň repertuaryny täzelemek, muzeý we kitaphana gaznalaryny, medeniýet ulgamlarynyň işlerini utgaşdyrmak ugrunda işler amala aşyrylýar. Bu işleri alyp barmak bilen ýaş nesliň millilik we watançylyk ruhunda terbiýelenmegine giň ýol açylýar.

Baýrammyrat HAJYMÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Mejlisiň Durmuş syýasaty baradaky komitetiniň agzasy.