Bagşa sazandarlyk etmek özbaşyňa saz çalan ýaly däl. Biliň bek guşalgy, seýsiň ýetik bolmaly. Sazanda bagşynyň daşyny dolap durmaly. Sazanda — bagşynyň ganaty. Ol bagşa belentliklere galyp, joşup-daşyp aýdym aýtmaga, diňleýjini özüne maýyl etmäge tekge berýär. Muhammetdurdy hem şeýle sazandalardandyr.
— Muhammetdurdynyň gyjak çalşyna maýyl bolýaryn. Ony diňlesem, kalbym aram tapýar. Edil ýöne jadysy bar ýaly. Ýeke galsam, onuň gyjagynyň owazyny küýseýärin.