Tä­ze ýy­lyň ruhubelentligi

2 gün öň
35

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024

Täze ýyl — ynsan ömrüniň täze bir sahypasy. Bu sahypany her kim ýagşy arzuw-umytlar, haýyrly işler bilen bezemek isleýär. Ynsan ömrüni aý-günleriň, ýyllaryň düzýändigi sebäpli garşy alýan her bir günümiz, aý-ýyllarymyz bize şatlyk, bagtyýarlyk, uly joşgun alyp gelýär. Ine, täze ýyl — 2025-nji ýyl bosagamyzda dur. Ähli ynsanlara bagt we şatlyk, ýagşy umyt-arzuwlary eçilip gelýän Täze ýylyň şatlygy, bagtyýarlygy bu gün ýürekleri, köňülleri heýjana getirýär. Bu baýram tutuş Diýarymyzy baýramçylyk keşbine besleýär, Watanymyzyň her bir künjeginde ýokary ruhubelentlik ýagdaýy emele gelýär.

Garbibi ORAZOWA,
Balkan welaýat medeniýet müdirliginiň Balakanabat şäher medeniýet bölüminiň Gumdag şäherçe medeniýet merkeziniň tans toparynyň çeper ýolbaşçysy.