Türkmen halky asyrlaryň dowamynda dünýä jemgyýetçiliginiň ösüşine öz goşandyny goşan halk. Gözelligi bilen dünýäni haýrana goýýan el halylary, ýelden ýyndam türkmen bedewleri, toý-baýramyň gelşigi bolan dokma önümleri, şeýle hem wepadarlygyň nyşany bolan alabaý itleri halkymyzyň dünýä beren ruhy we maddy gymmatlyklarydyr. Bu gymmatlyklar ata-babalarymyz tarapyndan arzylanyp, nesilden-nesle geçirilip, milletiň buýsanjyna, halkymyzyň göz-guwanjyna öwrülendir.
Türkmen halkynyň itşynaslyk sungatynyň taryhy kökleri öz gözbaşyny gadymy döwürlerden alyp gaýdýar. Bu barada hormatly Prezidentimiz «Türkmen alabaýy» atly kitabynda: «Türkmen alabaýy gadymy oguz nesliniň dünýä medeniýetine goşan ajaýyp goşandydyr. Halkymyz bedew aty ýaly, alabaý itini hem iň ýakyn kömekçisi, wepaly dosty hasaplapdyr» diýip, belläp geçýär.