Ösüş döwrüň talaplary bilen gadamyňy sazlamagy başarmakdyr. Arkadag şäheri bu babatda biziň buýsanjymyzdyr. 2023-nji ýylyň 29-njy iýunynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bezegine, şamçyragyna öwrülen Arkadag şäheriniň açylyşy mynasybetli giň möçberli dabaralar ýaýbaňlandyrylypdy. Dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özünde jemlemegi başaran Arkadag şäheri halkara guramalaryň ýolbaşçylary hem-de meşhur daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri tarapyndan halkara sylaglarynyň, güwänamalardyr diplomlaryň ençemesine yzygiderli mynasyp bolýar. Şu ýyl bolsa Koreýa Respublikasynda geçirilen halkara sergide birnäçe baýraga, şol sanda iň tapawutlanan «akylly» şäher hökmünde baş baýraga mynasyp boldy. Bu ykrarnamalaryň hatary yzygiderli artyp barýar.
Munuň şeýledigini «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 14-nji dekabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäherinde iş saparynda bolmagy mynasybetli köpçülikleýin habar seriş serişdeleriniň ýaýbaňlandyran buýsançly maglumatlary hem subut edýär.