Nagt däl hasaplaşyklar giňeldilýär

6 Ýanwar 2021
2405

«Türkmenistanyň ykdysady, maliýe we bank ulgamlaryny ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin maksatnamasynda» bank ulgamynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmekde, nagt däl hasaplaşyklary has-da ösdürmekde «Türkmenistan» döwlet täjirçilik banky tarapyndan netijeli işler alnyp barylýar. Bankymyz tarapyndan müşderilere «Internet-bank», «Mobil-bank» hyzmatlary elýeterli edildi. Bu bank hyzmatlarynyň üsti bilen müşderilere kompýuter ýa-da öýjükli telefonlar arkaly nagt däl tölegleriň birnäçesini — bank karzlarynyň bergilerini we oňa hasaplanylan göterimlerini, aragatnaşyk hyzmatlarynyň, jemagat hyzmatlarynyň töleglerini amala aşyrmaklyga, şeýle-de bank hasaplaryna gelip gowuşýan we bank hasaplaryndan tölenýän tölegleri, hasaplaryndaky galyndylary onlaýn görnüşinde görmäge mümkinçilik döredilýär.

Häzirki wagtda bank ulgamynyň işini döwrebaplaşdyrmak, şol sanda ilatyň erkin pul serişdelerini netijeli ulanmaklary we girdejilerini has-da artdyrmaklary üçin ýurdumyzyň ähli karz edaralarynda, şol sanda «Türkmenistan» döwlet täjirçilik bankynda hem «Goýum» bank karty we «Maşgala» bank karty atly hyzmatlar girizildi. Goýumçylaryň sanyny has-da artdyrmak, nagt däl hasaplaşyklary ösdürmäge giň şertleri döretmek maksady bilen, bankymyz tarapyndan «Goýum» bank kartynyň galyndysyna ýyllyk 7 göterim girdeji hasaplanylýar we aýlyk esasda tölenilýär. Bu bir tarapdan müşderileriň erkin pul serişdelerini goýumlara goýmak arkaly goşmaça girdeji gazanmaklaryna şert döredýän bolsa, beýleki tarapdan banklar üçin dolanyşykdaky puluň mukdaryny dogry kesgitlemäge, nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini giňeltmäge, milli manadymyzyň hümmetini durnukly derejede saklamaga mümkinçilik berýär, aktiw bank amallaryň goşmaça çeşmesi bolup çykyş edýär.

Gunça GURBANOWA,
Türkmenistanyň «Türkmenistan» döwlet täjirçilik bankynyň «Daşoguz» şahamçasynyň baş hünärmeni.