Täzeçil tehnologiýalara eýe bolan Arkadag şäheri

18 Dekabr 2024
85

Golaýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, şäheriň mynasyp bolan halkara sylaglary we bu ýerde gurulmagy, durky täzelenmegi meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy, şeýle-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow Arkadag şäheriniň wekiliýetiniň Awstriýanyň Wena şäherinde iş saparynda bolup, şol ýerde Arkadag şäheriniň Ýewropanyň Hil barlaglary boýunça jemgyýetiniň hil boýunça baýragyny we güwänamalary alyp gelmäge döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirdi. Şeýle hem ol täze şäheriň binagärlik, ekologik derejesi bilen bagly berlen baýragy, degişli güwänamalary görkezdi we Gahryman Arkadagymyzy täze şäheriň ikinji tapgyrynda gurulýan lukmançylyk klasteriniň önümleriniň halkara derejede ykrar edilýändigini alamatlandyrýan bu çözgüt bilen gutlady.

«Esger».