Kiçiliginden aýdyma hiňlenýän Leýli zehinli aýdymçy bolmagy arzuw edýär. Şol sebäpden ykbalyny aýdyma baglamaga höwes edýän Leýli Jepbarowa aýdym aýtmagyň ilkinji ýollaryny başda Wekilbazar etrabyndaky 3-nji orta mekdebiň aýdym-saz mugallymy Mähri Berdikulyýewadan öwrendi.
Ol Mary şäherindäki «Joşgun» çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüne gatnap, bu ugurdan ilkinji bilimini özleşdirdi. 2022-nji ýyldan bäri Mary welaýatynyň Mollanepes adyndaky çagalar sungat mekdebinde tejribeli mugallym Ejeş Baýjaýewadan bagşyçylyk hünäriniň inçe syrlaryny öwrenýär. Şeýle-de Leýli Türkmenistanyň halk artistleri Zylyha Kakaýewany hem-de Läle Begnazarowany özüniň gaýybana halypasy hasaplaýar. Olaryň aýdymlaryny üns bilen diňläp, öz sungat ýoluny barha kämilleşdirýär.