Halkara kinofestiwal — täze üstünliklere badalga

11 Dekabr 2024
154

Milli sungatyň sarpalanýan döwründe gül goýny baky bagtyýarlyga beslenýän eziz Diýarymyzda ýene-de bir şanly waka «Gorkut ata» atly halkara kinofestiwaly geçirildi. Bu dabaraly çäre gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherinde 2024-nji ýylyň noýabr aýynyň 13 — 15-i aralygynda dowam edip, TÜRKSOÝ-na agza döwletleriň kino dünýäsinde ýetilen uly üstünlikleriň beýany boldy. Biz hem Türkmen döwlet medeniýet institutynyň halypa mugallymlary hem-de bagtyýar talyplary bolup bu ajaýyp dabara gatnaşdyk. 13-nji noýabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde kinofestiwalyň açylyş dabarasy uly şowhuna beslendi.

Kinofestiwala gatnaşyjy daşary ýurt kinoaktýorlary we kinorežissýorlary gyzyl düşegiň üstünden dabara bilen geçdiler. Soňra kinofestiwalyň dowamynda görkeziljek filmleriň we režissýorlaryň tanyşdyrylyş dabarasy bolup geçdi. Dabaranyň dowamynda ussat aýdymçylarymyz türkmen kinofilmlerinden täsirli aýdymlary ýerine ýetirdiler. Ol ýerde doganlyk ýurtlaryň kino äleminde ýetilen üstünlikleri dabaralandyrýan filmleriň surat sergisi gurnalyp, doganlyk halklaryň kino ýyldyzlary bilen tanyşmaga hem giň mümkinçilik döredi.

Şageldi SALYHOW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby.