Türkmen wekiliýeti Parižde geçirilen Halkara sergiler býurosynyň Baş assambleýasynyň 175-nji mejlisine gatnaşdy

1 Dekabr 2024
91

26-njy noýabrda türkmen wekiliýeti Parižde geçirilen Halkara sergiler býurosynyň Baş assambleýasynyň 175-nji mejlisine gatnaşdy. Bu çärä türkmen wekiliýetiniň düzüminde Türkmenistanyň Fransiýadaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň Halkara sergiler býurosynyň ýanyndaky hemişelik wekili Maksat Çaryýew, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Mergen Gurdow, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginden hem-de Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasyndan wekiller gatnaşdylar.

Mejlisiň gün tertibine laýyklykda, Türkmenistanyň agza bolup durýan Halkara sergiler býurosynyň dolandyryş we býujet, düzgünler, maglumat we aragatnaşyk hem-de ýerine ýetiriji komitetleriniň agzalary baradaky hasabatlar diňlenildi we ol hasabatlar tassyklanyldy. Şeýle hem ýetip gelýän halkara sergilere taýýarlyk işleriniň gidişi barada habarlar diňlenildi. Soňra Ýaponiýanyň wekiliýetiniň Osakada geçiriljek
«EKSPO 2025» sergisine taýýarlyk işleriniň barşy hakynda beren maglumatlary diňlenildi.