Ösüşiň netijeli ugry

5 Ýanwar 2021
1944

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň milli ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmak, elektron senagatyny ösdürmek, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň täze gazananlaryna esaslanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Elektron resminama we olaryň dolanyşygynyň hem-de sanly hyzmatlaryň hukuk ýagdaýyny, olara bildirilýän esasy talaplary kesgitleýän, bu ugurda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýän «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda» Türkmenistanyň Kanuny hereket edýär. Geçen ýylyň 14-nji martynda kabul edilip, güýje girizilen bu resminama boýunça elektron maglumat ulgamlaryndan, telekommunikasiýa-aragatnaşyk torlaryndan we elektron amallaryndan peýdalanmak bilen, elektron maglumatlary alyşmak arkaly söwdany uzak aralykdan guramaga mümkinçilik döredildi.

Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde ýurdumyzyň dürli pudaklary sanly ulgamy ýola goýýar. Munuň özi ilki bilen, döwrebap işleri alyp gitmäge ýardam berýär. Şeýle hem ösüşiň has-da ýokary hilli bolmagyny, işleriň tiz ýerine ýetirilmegini üpjün edýär. Şunda kompýuterleriň, innowasion tehnologiýalaryň aýratyn orny bardyr. Hut şonuň üçin hem häzirki ösen döwrümizde dünýäniň iň täze tehnologiýalary işjeň durmuşa ornaşdyrylýar. Şonuň ýaly-da, bu ugur boýunça kämil hünärmenler taýýarlanylýar, ylym-bilimli ýaşlar ýetişdirilýär. Sözüň doly manysynda sanly ulgam boýunça alnyp barylýan işler sazlaşyklylygy hem-de toplumlaýynlygy bilen aýratyn tapawutlanýar.

Magtymguly SOLTANOW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.