Milli ykdysadyýetiň daýanjy

4 Ýanwar 2021
2282

Häzirki wagtda ýurdumyzda hojalygy alyp barmagyň bazar ulgamynyň emele gelmegi ykdysadyýetiň ähli ugurlarynda telekeçilik işjeňliginiň ýokarlanmagyny şertlendirdi. Bazar gatnaşyklaryny emele getirmäge gönükdirilen çäreleriň toplumynda, önümçiligiň we dolandyrmagyň pudak hem-de sebit düzümini kämilleşdirmekde, zähmet gorlaryny netijeli peýdalanmakda, harytlara we hyzmatlara bolan islegleri has doly kanagatlandyrmakda kiçi, orta kärhanalaryň ulgamyny ösdürmek uly ähmiýete eýedir.

Bazar gatnaşyklaryna geçmekde telekeçiligiň ähmiýeti ykdysadyýetde bäsdeşlikli bazary emele getirmek we ösdürmek, ylmy-tehniki ösüşe üns berýän hem-de täze iş orunlaryny döredýän ýöriteleşdirilen pudagara önümçilikleri hem-de innowasion kärhanalaryň ulgamyny döretmek bilen baglanyşyklydyr. Innowasion ösüşli döwürde ykdysadyýetiň telekeçilik işinden üzňe hereket etmegi mümkin däl. Telekeçilik işi bolsa hereket edýän kanunçylyk esasynda özbaşdak, üznüksiz peýda almaga gönükdirilen, emlägi ulanmak, harydy satmak, iş we hyzmat etmek bilen baglanyşykly kanunda rugsat berilýän hem-de kanunda görkezilen tertipde bellige alnan işdir.

Jahan SAPAROWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.