Dil bilmek – döwrüň talaby

3 Dekabr 2024
141

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesil hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda döwlet we jemgyýetçilik gurluşyny, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny, şol sanda milli bilim ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek boýunça giň möçberli işler yzygiderli durmuşa geçirilýär, ýaş nesliň döwrüň talaplaryna laýyklykda bilim almagy, hünär we ylym öwrenmegi, beden taýdan sagdyn bolmagy, edep-terbiýeli, ata Watana, il-güne, merdana ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgelerine wepaly adamlar bolup ýetişmegi üçin giň möçberli möhüm özgertmeler amala aşyrylýar. Ýurdumyzda “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy” üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda bilim ulgamyny kämilleşdirmek, milli we dünýä tejribesiniň öňdebaryjy usullary esasynda okuw-tejribelik işlerini ýokarlandyrmak we bilime, ylma höwesli ýaşlary goldamak bilen baglanyşykly özgertmeler üstünlikli alnyp barylýar. Bu özgertmeler dünýä halklary bilen dost-doganlygy üpjün edýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde ýaşlaryň ylymly-bilimli bolmaklaryna aýratyn üns berilýär. Şunda dünýäniň ylmy edebiýatyndan peýdalanmak, döwrebap ylymlary özleşdirmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Munuň üçin bolsa dünýä dillerini öwrenmek, suwara bilmek zerurdyr. Aslynda, dil ynsanyň pikirlenişi bilen berk baglanyşyklydyr. Dil ynsan gatnaşyklarynda iň gymmatly ygtybarly serişde bolup durýar. Dil - uly baýlyk, ynsan gatnaşyklarynyň genji-hazynasy. Ýaş nesilleriň dil öwrenmekleri ähli üstünlikleriniň özenidir.

Narjan REÝIMOWA,
Çärjew etrabynyň 27-nji orta mekdebiniň rus dili mugallymy.