Bilim işgärleriniň iş tejribesinden

1 Dekabr 2024
538

Geçilenleri gaýtalamagyň peýdasy

Türkmen diliniň ýazuw düzgünlerini, sözleriň dogry aýdylyş äheňini çagalara başlangyç synplardan öwretmek möhümdir. Diktant ýazdyrylanda okuwçy özbaşdak sözleri, sözlemi ýazmaly bolýar. Şol ýerde onuň ýazuw kadalaryny nähili derejede bilýändigi ýüze çykýar. Çaga özbaşdak işlemeli bolanda, hiç hili bökdençlik bolmaz ýaly, her bir geçilýän temanyň soňunda gaýtalamak düzgünlerini berk gözegçilikde goýýaryn. Öňki temalary ýatlatmak maksady bilen barlagnamalary taýýarlaýaryn. Sapak aýdan okuwça birini, beýlekilere hem ikisini paýlaýaryn. Ýatdan jogap berip ýetişmedik okuwçylaryň jogaplaryny bolsa, ýazmaça bellik etmeklerini tabşyrýaryn.