Ähli döwürleriň beýik lukmany

30 Noýabr 2024
187

«Abu Aly ibn Sinanyň ömrüniň 12 ýyldan gowragy Günbatardan Gündogara, Günortadan Demirgazyga uzap giden Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen biziň ýurdumyzyň topragy, türkmen halkynyň taryhy bilen mäkäm baglanyşyklydyr. Alym ömrüniň bu gysga döwründe Gündogaryň nur saçýan ylym merkezleri hökmünde meşhurlyk gazanan Ürgenç, Merw, Bawert, Nusaý şäherlerinde ýiti zehini, akyl-paýhasy, tejribeleridir gözlegleri, düýpli nazaryýetleri bilen täze ylmy açyşlary amala aşyrmak hem-de deňsiz-taýsyz eserleri döretmek bilen, geljek nesillere beýik mirasy galdyrypdyr» diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtaýar. Ine, şol beýik mirasy galdyran beýik ynsanyň abraý-mertebesiniň, şan-şöhratynyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe has belent derejelere göterilendigine onuň Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen döredilen paýtagtymyzdaky «Ylham» seýilgähinde orun alan nurana heýkelini synlanymyzda-da aýdyň göz ýetirýäris.

Dünýä ylmynda Awisenna ady bilen belli bolan meşhur alym, akyldar, lukman, tebigaty öwreniji, saz nazaryýetçisi, matematik, psiholog, derman öwreniji, astronom, şahyr Abu Aly Hüseýin ibn Abdylla ibn Aly ibn Hasan ibn Sina 980-nji ýylyň 16-njy awgustynda Buhara şäheriniň golaýyndaky Afşina atly obada dünýä inýär. Geljekki beýik şahsyýet alty ýaşyndaka maşgalasy Buhara göçüp barýar. Ibn Sinanyň eýýäm on ýaşyndaka Gurhany ýatdan bilmegi, arap we pars dilleriniň gurluşyny, hukugy, logikany, lukmançylyk ylmyny, filosofiýany ürç edip okamagy, öwrenmegi onuň üýtgeşik zehininiň kepiline öwrülýär.

Dilber Ballyýewa,
TYA-nyň Merkezi ylmy kitaphanasynyň esasy kitaphanaçysy.