Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda giň möçberli özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň ösüşiň we abadançylygyň ýoly bilen ynamly öňe gitmegini şertlendirýär. 22-nji noýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde-de döwlet durmuşynyň birnäçe meselelerine garaldy.
Hökümet mejlisinde garalan meseleleriň hatarynda ýurdumyzyň hukuk binýadyny döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek, daşary ykdysady işi has-da ösdürmek, içerki sarp edijileri tebigy gaz bilen bökdençsiz hem-de ygtybarly üpjün etmek, pagtanyň öndürilýän möçberini has-da artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler bilen bagly meseleler bar.