Ýurdumyzda azyk bolçulygyny artdyrmak ugrunda gadymy Lebabyň babadaýhanlary hem yhlasly, göreldeli zähmet çekýärler. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň bereketli topragymyzdan ýylda iki-üç hasyl almak barada öňde goýan wezipeleri Lebap welaýatynda hem üstünlikli amala aşyrylýar. Şu günler lebaply daýhanlar hem bugdaý hasyly ýygnalan meýdanlarda ekilen beýleki aralyk ekinler bilen bir hatarda şalynyň bol hasylyny Watan harmanyna tabşyrýarlar. Welaýatymyzyň etraplarynyň ählisinde şaly ekildi we olar bol hasyl berdi.
Aralyk ekinleriň arasynda şala uly orun degişli bolup durýar. Geçen ýyllarda welaýatymyzyň toprakdan dür öndürýän daýhanlaryna şaly ýaly bereketli ekini ösdürip ýetişdirmäge giň mümkinçilikler açyldy, amatly şertler döredildi. Şonuň bilen birlikde şalyçylarymyzyň iş tejribesi ýylsaýyn baýlaşýar. Olar şalydan bol hasyl ýetişdirmegiň inçe syrlaryny mäkäm özleşdirýärler. Welaýatymyzyň ekerançylarynyň her ýylda ýetişdirýän şaly hasylynyň azyklyk sypatlarynyň hil taýdan has ýokarydygyny aýratyn belläsiň gelýär. Häzirki wagtda Lebap topragynda ýetişdirilen şaly önümine ýurdumyzda uly isleg bildirilýär. Diýarymyzyň gündogar sebitinde şalynyň bol hasyl bermegi üçin toprak, howa şertleri doly laýyk gelýär. Süýji suwly Amyderýanyň boýlarynda ýerleşýän ekerançylyk meýdanlary suwaryldygysaýyn has gowy ösýän we hasyl toplaýan şaly üçin örän ýaramly hasap edilýär.