Jeýhunyň ýakasyndaky ýadygärlikler

26 Noýabr 2024
256

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly eseriniň ikinji kitaby, Beýik Ýüpek ýolunyň ýurdumyzyň çägindäki täze ugurlaryny aýan etmek bilen birlikde, bu ýoluň ugrunda ýerleşen şäherlerdir galalaryň, kümmetlerdir düşelgeleriň, kerwensaraýlaryň täze bir toplumyny bize tanyşdyrýar. Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky şol taryhy ýadygärlikler geçmişde ýaşan pederlerimiziň binagärlik sungatyna aýratyn ähmiýet berendiklerine güwä geçýär.

Beýik Ýüpek ýoly Jeýhun derýasynyň çep we sag kenarlarynyň ugry boýunça geçipdir. Ol ýoldan agyr kerwenli täjirler, syýahatçylar, derwüşler gatnapdyrlar. Taryhy ýoluň ugrunda küňreli galalar, şäherlerdir obalar, kerwensaraýlar döräpdir. Häzirki wagtda olar baradaky taryhy maglumatlar ylmy taýdan öwrenilýär.

Oral TEMIROW,
mirasgär.