Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda giň möçberli özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň ösüşiň we abadançylygyň ýoly bilen ynamly öňe gitmegini şertlendirýär.
18-nji noýabrda döwlet Baştutanymyzyň geçiren iş maslahatynda oba hojalyk toplumyny ösdürmek, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen bagly meselelere garaldy. Iş maslahatynda welaýatlarda pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, hasyly gaýtadan işlemek üçin kabul ediş harmanhanalarynda we pagta arassalaýjy kärhanalarda bökdençsiz kabul etmek boýunça zerur çäreleriň görülýändigi barada aýdyldy.