Ýakynda Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri bilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk we Ösüş Guramasynyň (OECD) Ýewraziýa departamentiniň başlygy Karim Dahounyň arasynda duşuşyk geçirildi. Ministrligiň edara binasynda geçirilen duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de Türkmenistanyň Hökümeti bilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk we Ösüş Guramasynyň arasynda Meýiller hakynda hata gol çekildi. Munuň özi ýurdumyz bilen bu guramanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy yzygiderli ilerletmekde ýene bir ädimdir.
Myhman guramanyň ýurdumyz bilen netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýandygyny aýdyp, şeýle gatnaşyklaryň mundan beýläk hem berkidiljekdigine ynam bildirdi. Şunda Meýiller hakynda hata gol çekilmeginiň ähmiýeti barada nygtaldy. Bellenilişi ýaly, guramanyň agza ýurtlarynyň köpüsiniň, şol sanda Türkmenistanyň amatly geografik ýerleşişe we tebigy baýlyklaryň uly gorlaryna eýedigi, şeýle hem Bütindünýä Söwda Guramasyna girmek babatdaky meýilleri köpugurly hyzmatdaşlygyň giň mümkinçiliklerini açýar.