Garagyş

22 Noýabr 2024
288

Ata-babalarymyz milli aý-gün senenamasyny düzüp, pasyllary öz häsiýetleri boýunça möwsümlere bölüp, olary degişli atlar bilen atlandyrypdyrlar. Mysal üçin, gyş paslynyň öň ýanyndan, 22-nji noýabrda başlanyp, 7-nji dekabra çenli dowam edýän 15 günlük döwre garagyş diýipdirler. Eýsem, bu döwre näme üçin garagyş diýildikä?

«Ak zat alnyňa ýagşy» diýýän halkymyz giň sährada ak öýleri dikip, mydama aklyga sygnyp ýaşapdyr. Garaňky gijeden soň gelýän ak daňdanlarda örüp, säheri ýüzüne sylypdyr. Garagyş günleri bolsa käte maldary-da, daýhany-da kyn güne goýýar. Aralyk ekinleriniň hasylyny ýygnap ýetişmedik daýhanyň käbir ýyllarda ony garyň aşagyndan alýan wagtlary hem bolýar. Hut şonuň üçin-de, garagyş döwri gyşyň ýetip gelendigini öňräginden ýatladýar. Sebäbi käbir ýyllarda akrap maýyl gelip, adamlar gyşyň düşenini hem duýman galýarlar. Şeýle ýagdaýda daýhan-da, maldar hem köp ýitgi çekmeli bolýar. Ine, şuny ýatlatmak üçin-de pederlerimiz gyşyň başyny garagyş diýip atlandyrypdyrlar. Dört bölege bölünen gyşyň iň soňky — 8-nji fewraldan 22-nji fewrala çenli dowam edýän döwrüne-de iň soňky garagyş diýilýär. Munuň özi «Entek gyş gutaranok, arkaýynlaşma!» diýýäne meňzeýär. Hakykatdan-da, togsan dolup, gyş tamam boldy diýilse-de, ol käbir ýyllarda gazabyna tutup, gar ýagdyryp, doňakçylyk hem ediberýär. Hut şonuň üçin-de, gyşyň gylyksyz oýunlarynyň kyrkysyndan-da mydama hüşgär bolmalydygyny unutmaly däl.

(Ýörite habarçymyz).