Yhlasa — myrat

20 Noýabr 2024
242

“Daýhan mert — ýer jomart” diýilýär. Hakykatdan-da, topraga näçe hyzmat etseň, ol jomartlyk bilen miwesini boldan eçilýär. Ene topraga bagry badaşan zähmetkeş adamlaryň yhlas-aladasy bilen öndürilýän önümleri, ýetişdirilýän miweleri synlanyňda, “tüweleme” diýeniňi duýman galýarsyň. Welaýatymyzda topragy rysgal çeşmesi hasaplaýan kärendeçi daýhanlaryň, bagbanlaryň ençemesi bar. Bereketli saçaklarymyzyň naz-nygmatdan doly bolmagyna mynasyp goşant goşýan bagbanlaryň biri hem Orazgeldi Gurbandurdyýewdir.

Sakarçäge etrabynyň Daýhan geňeşliginiň ýaşaýjysy Orazgeldi Gurbandurdyýew indi birnäçe ýyl bäri öz melleginde miweli baglaryň dürli görnüşini ösdürip ýetişdirýär. Onuň melleginde almanyň, şetdalynyň, üzümiň, armydyň, hurmanyň dürli görnüşlerini görmek bolýar. Ýylboýy hyzmat edip, ýetişdirýän bol miwe hasyly ýaşuly bagbana il içinde abraý getirýär. «Yhlasa — myrat» diýlişi ýaly, Orazgeldi aga bagdan rysgal-döwlet tapýar.