Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda ýerleşýän «Ynamly ojak» hususy kärhanasy ýurdumyzda senagatyň dürli pudaklarynda aýna gaplara we çüýşelere bolan islegleri kanagatlandyrmakda netijeli işleri alyp barýar. 2014-nji ýylyň aprel aýynda açylan kärhana, ilki bilen, alýumin we metal gapaklary öndürip başlaýar. Geçen ýylyň ikinji ýarymynda bolsa aýna gaplaryň önümçiligini ýola goýdy. Aýna önümleriniň daşarky bazarlara eksportynyň ýola goýulmagy işleriň barha rowaçlanýandygyndan habar berýär. Häzirki wagtda 5,67 gektar meýdany tutýan kärhanada 150 adam zähmet çekýär. «Ynamly ojagyň» hünärmeni Söhbet Annamyradow bilen söhbetdeş bolanymyzda, ol bu ýerde alnyp barylýan işler barada şeýle gürrüň berdi:
— Öndürýän çüýşelerimiz hem-de aýna gaplarymyz ýurdumyzda mineral we gazlandyrylan içgilerdir duzlanan gök-bakja önümlerini, miweleri gaplamakda giňden ulanylýar. Kärhanada Türkiýäniň we Germaniýanyň tehnologiýalary ornaşdyryldy. Ýokary hilli önümlerimizi «Altyn asyr» Gündogar bazaryna, «Owadan ülke» hojalyk jemgyýetine, «Berzeňňi» mineral bejeriş suwuny öndürýän kärhana ýollaýarys, şeýle hem Türkiýä we Özbegistana eksport edýäris.