Daşoguz welaýatynyň maldarçylyk toplumynda ähli ugurlar boýunça uly ösüşler gazanylýar. Döwrebap toplum boýunça şu ýylyň on aýynda 50 tonna golaý et, 20 tonna golaý şöhlat, süýt önümleriniň 1 müň 300 tonnadan gowragy, 90 tonna mesge, peýnir we dorogyň 60 tonnadan gowragy taýýarlanyp, sarp edijilere ýetirildi. Döwrüň talaplaryna laýyk gelýän bu azyklyk önümler ýylyň ähli paslynda artygy bilen öndürilýär.
Toplum welaýat merkezinden gözel paýtagtymyza uzap gidýän ýoluň ugrunda, Şabat etrabynyň Adalat geňeşliginiň çäginde ýerleşýär. 8 gektara barabar meýdanda edara jaýy, dört sany bölüm üçin ýöriteleşdirilen binalar, ot-iým ammarlary, önümçilikde ulanylýan tehnikalara we ýük ulaglaryna niýetlenen jaýlar, şeýle-de naharhana ýerleşýär.