Şu ýylyň 1-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiziň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy. Şol meseleleriň hatarynda döwlet Baştutanymyz dünýä bazarynda uly islegden peýdalanýan, ekologiýa taýdan arassa, ýokary hilli duzlaryň dürli görnüşlerini öndürmek üçin döwrebap önümçilikleri ýola goýmagyň möhümdigine ünsi çekdi we «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň «Guwlyduz» kombinatynyň çäginde ýokary hilli duzlary öndürýän täze önümhanany gurmak boýunça degişli işleri geçirmegi tabşyrdy. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň:
— Togsan dürli tagam dursa gaşyňda, Ne lezzet içinde duz hem bolmasa, diýip jaýdar belleýşi ýaly, hakykatdan hem duzsuz tagamyň hiç birisi-de lezzetli bolmaýar. Ilçilikde köpçülik üçin nahar atarylanda aşpeze «Duzuny bir ýetireweri», «Duzy kem bolmasyn» diýip tabşyrylýar. Mal soýlanda eti duzlap goýmak türkmeniň öňden gelýän edähetleriniň biri. Türkmençilikde duza mukaddeslik hökmünde garalýar. Hatda çörek hem köp ýerlerde duz sözi bilen deň ulanylyp gelinýär. Myhmany duz-çörek bilen garşylamak türkmeniň gadymdan gelýän däp-dessurlarynyň biri.