Üzüm

6 Noýabr 2024
280

Geçen asyryň başlarynda, ýagny 1904-nji ýylda amerikan alymy R.Pampelliniň, 1926-njy ýylda dünýä medeni ösümlikleriniň gelip çykyşyny öwrenen akademik N.I.Wawilowyň, meşhur alymlar W.W.Bartoldyň, S.P.Tolstowyň, W.I.Sarianidiniň, M.Ý.Massonyň we beýleki alymlaryň ylmy-barlag işlerinde, şeýle hem orta asyr grek, arap-pars, türk taryhçylarynyň ýazgylarynda türkmen topragynyň dünýä ekerançylygynyň iň gadymy ýerleriniň biridigi nygtalýar.

Muhammet Gaýmaz Türkmeniň «Pygamber tebipçiligi» atly kitaby halkymyzyň geçmişde döreden ajaýyp edebi-ruhy gymmatlyklarynyň biridir. Adamzadyň gazanan gymmatlyklaryny we tejribelerini özünde jemleýän bu kitapda: «Üzümiň iň oňady ak etli üzüm, soňra gyzyl we gara üzümdir. Üzüm etiniň tebigaty gyzgyn-çygly, gabygy we dänesi bolsa sowuk-gurakdyr, ýokumlylygy taýdan örän oňat. Iň oňady we ýaramlysy bişen üzümdir. Giçbişer üzümler ähli tarapdan artykmaç bolup, ter üzümler iç ýellenmesini aýyrýar».

Atamyrat ŞAGULYÝEW,
mirasgär.