Alyn deri — altyn-zeri

6 Noýabr 2024
229

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan toplumlaýyn işleriň netijesinde welaýatymyzyň edermen daýhanlary däneli ekinleriň, pagtanyň, gök-bakja önümleriniň, miweleriň bol hasylyny ösdürip ýetişdirýärler. Oba hojalyk pudagynda amala aşyrylýan çuňňur oýlanyşykly özgertmeleriň çäklerinde ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak üçin zerur çäreler durmuşa geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň obasenagat toplumyny ösdürmek boýunça öňde goýýan wezipelerinden ruhlanyp zähmet çekýän welaýatymyzyň babadaýhanlary «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda «ak altyn» harmanyny beýgeltmäge mynasyp goşantlaryny goşýarlar. «Ak altynyň» mukdary günsaýyn artýar. Bu bolsa welaýatymyzyň daýhanlarynyň Watan harmanyna pagta tabşyrmak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny abraý bilen ýerine ýetirjekdigine kepil geçýär.

Gulatar GAZAKOW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Bereket etrap birleşmesiniň başlygy.