«Dünýäniň ýoly bize, biziň ýolumyz dünýä!»

31 Oktýabr 2024
297

Türkmenistan — parahatçylygyň, dostlugyň mekany. Parahatçylygyň bar ýerinde, asuda owaz, dostlugyň bar ýerinde, söhbetdir saz bar. Bu günki gün bütin dünýä toýlarynda dürli röwüşli tomaşalar edip, milli ýörelgelerini dabaralandyryp, şany ýedi yklyma maglum bolan halkymyz bilen bilelikde toý tutmagyň arzuwynda. Şonuň üçinem, Türkmenistan iň naýbaşy toýlaryň tutulýan ýurduna öwrüldi.

Ine, ýatdan çykmajak şeýle toýlaryň biri hem şu ýylyň 18 — 20-nji oktýabr aralygynda ýurdumyzda geçirilen Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza ýurtlaryň II teatr festiwalydyr. 18-nji oktýabrda Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynda bu medeni çäräniň açylyş dabarasy şatlyk-şowhuna beslenip geçirildi. Festiwalyň açylyşy teatryň öňündäki meýdançada Özbegistan, Gazagystan, Gyrgyz we Türkiýe Respublikalarynyň, şeýle-de ýurdumyzyň teatr toparlarynyň dabaraly ýörişi hem-de edebi-çeper çykyşlary bilen ýaýbaňlandyryldy. Halklaryň özboluşly milli ýörelgesi, ruhy taýdan bir hörpden gopýan aýdymdyr sazlary, tans hereketleri tomaşa edenlere lezzet paýlady.

Kerimberdi HAKBERDIÝEW,
«Edebiýat we sungat» gazetiniň uly habarçysy.