Beýi

31 Oktýabr 2024
616

Beýi ýokumly maddalara baýdyr. Onuň düzüminde birnäçe witaminler we minerallar bar. Ol belokdan, uglewodlardan, süýümlerden ybarat. Beýide C witamini, az mukdarda B witamini, demir, kaliý we magniý bar.

Beýiden edilýän şerbet göwreliligiň başky aýlarynda ýüze çykýan ýürek bulanma, gusma ýaly alamatlary azaltmaga ýardam edýär. Lukmanlaryň aýtmagyna görä, beýi şerbediniň ýokumlylygy B6 witaminden hem has ýokarydyr.

«Zenan kalby».