Döwrebap bilim özgertmelerinde täze sahypa

19 Oktýabr 2024
299

Häzirki ajaýyp döwrümizde ýaş nesilleri terbiýelemek, sagdyn durmuşda ýaşamaklary üçin ähli mümkinçilikleri döretmek esasy ugurlaryň biridir. Bu günki gün nesil terbiýesine uly ähmiýet berilýär, bu babatda bilim özgertmeleri hem üstünlikli ýola goýulýar. Eziz Diýarymyz bagtly çagalygyň ýurdudyr. Hut şonuň üçin hem sagdyn ruhly, giň dünýägaraýyşly, ylymly-bilimli ýaşlar kemala gelýär. Ähli zerur şertler döredilen döwrebap bilim ojaklarynyň gurlup ulanmaga berilmegi, okuw maksatnamalarynyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylmagy, orta mekdeplerde ýaşlara bilim we terbiýe berýän mugallymlaryň bilim derejesiniň ýokarlandyrylmagy, olary gaýtadan taýýarlamagyň we hünär derejesiniň kämilleşdirilmegi hem bu hakykaty dolulygyna tassyklaýar. Bu ugurda hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynyň” we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny tassyklamagy bilim ulgamyny ösdürmekde möhüm wakalaryň biridir.

Ýaş nesillere ata-babalarymyzyň asylly ýörelgeleri, öwütündewleri esasynda bilim we terbiýe berlişini has-da kämilleşdirmek ýurdumyzyň milli bilim ulgamynyň öňünde durýan möhüm wezipeleriň biridir. Şundan ugur alnyp, bilim özgertmelerini durmuşa geçirmekde döwrüň talaplaryna we halkara ülňülerine eýermek, pedagogik işgärleriň hünär ussatlyklaryny, bilim-başarnyklaryny yzygiderli ýokarlandyrmak ugrunda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Täze kabul edilen Konsepsiýa ýurdumyzyň milli bilim ulgamyny döwrebap derejede ösdürmäge, ylymly, bilimli, giň gözýetimli, maksada okgunly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmäge, innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak işlerini has netijeli amala aşyrmaga gönükdirilendir.

Miýesser ABDYKADYROWA,
Çärjew etrabynyň 38-nji orta mekdebiniň müdiri.