Haçan lukmana ýüz tutmaly?

19 Oktýabr 2024
263

Adamyň nerw ulgamy iki bölümden, merkezi we çetki (periferiki) bölümlerden ybarat bolup, näsaglarda iki bölümiň hem zeperlenmesi gabat gelýär. Şeýle ýagdaýda, elbetde newropatolog lukmana ýüz tutmak gerek. Nerw ulgamynyň işjeňliginiň bozulmagy dürli keselleriň döremegine we gaýra üzülmelere getirip bilýär.

Newropatolog lukmany hökmünde öz tejribämizde ýygy-ýygydan näsaglarda şu alamatlara — kellagyra, çakyza, newralgiýa, nerw kökjagazlarynyň gysylmagyndan döreýän alamatlara, oňurgara diskleriň degeneratiw üýtgemeleri netijesinde ýüze çykýan agyrylara, hemişe ýadawlyk duýgusyna, ukynyň bozulmagyna, myşsalaryň gowşaklygyna duş gelýäris. Şeýle hem neýro-ýokançlar, garaguşagyry keseli, ýaýran skleroz we beýleki keseller, Alsgeýmeriň keseli, Parkinson keseli, Turetta sindromy, paniki hüjümler, beýniniň damar keselleri: insultlar we tranzitor işemiki hüjümler hem duş gelýär.

Suraý ÇARYÝEWA,
Gaýragoýulmasyz tiz kömek merkeziniň neýrotrawmatologiýa bölüminiň lukmany.