Kitaplar dünýäsine syýahat

16 Oktýabr 2024
447

Akyldarlar: «Kitaba ynan, ol siziň iň ýakynyňyzdyr. Olar sessizdirler, emma haçan gerek bolan wagty olar size aýdyň hem düşnükli dilde gürrüň bererler. Gerek bolsa öňüňizde dünýäni hem açyp bererler» diýip belleýärler. Ynsan, jemgyýet, halk, döwlet hut kitap arkaly ösýär, täzeçe röwşe eýe bolýar, özgerýär. Kitap ynsany terbiýeleýär, durmuşa taýýarlaýar. Ol adamzadyň döreden iň uly mirasy. Şol sebäpli hem jemagat kitaphanalarynyň halkymyzyň ýaşaýyş medeniýetine ýetirýän täsiri bahasyzdyr. Hut şu nukdaýnazardan hem «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda podpolkownik Sapar Berdiýewiň serkerdelik edýän harby bölüminiň kapitan Tahyr Berdimyradowyň serkerdelik edýän diwizionynyň şahsy düzümi bilen etrabyň merkezi kitaphanasyna gezelenç guraldy. Gezelençde harby gullukçylara kitaphananyň baş kitaphanaçysy Gülşirin Hydyrowa ol ýerdäki maglumatlar bilen ýakyndan tanyşdyrdy, şeýle-de TMÝG-niň etrap geňeşiniň esasy hünärmeni Oýdin Aşirowa hem gatnaşyp, ol hem harby gullukçylarymyza: «Kitap ynsanyň köňül nagşydyr, ol durmuşy açyp görkezýän ajaýyp aýnadyr. Özünde ähli durmuş gymmatlyklaryny jemleýän kitap halkyň ruhy baýlygy, aň hazynasydyr» diýip, kitap okamaga görelde mekdebi bolup durýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan dörän kitaplaryny we pähim-paýhas ündewlerini harby gullukçylarymyza ýetirdi.

Bahar AŞYROWA,
uly leýtenant.