Atym bar — ganatym bar

16 Oktýabr 2024
385

Ahalteke bedewi özüniň köpasyrlyk taryhy, gaýtalanmajak özboluşlylygy bilen diňe bir ýurdumyzyň däl-de, eýsem, tutuş adamzat siwilizasiýasynyň gymmatly hazynasy bolup durýar. Muny ýurdumyza «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly milli hödürnamasynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigi baradaky şahadatnamanyň dabaraly ýagdaýda gowşurylmagy hem doly tassyklaýar.

Taryhyň şaýatlyk edişi ýaly, türkmen behişdi bedewleriniň gelip çykyşy dünýä siwilizasiýasynyň dörän wagtyna gabat gelýär. Halkymyzyň arasynda olaryň taryhynyň gadymydygyna, düşbüligine we gözelligine  dünýä içre taý ýokdugyna güwä geçýän ýazuw çeşmeleri saklanyp galypdyr.

Wepa MYRTAZAKULOW,
Köýtendag etrabynyň prokurorynyň uly kömekçisi, 1-nji derejeli ýurist.