Aýdym-saz sungaty öwredilýär

16 Oktýabr 2024
350

Berkarar döwletimizde medeniýete we sungata berilýän üns onuň hemmetaraplaýyn ösmegine şert döretdi. Şoňa görä-de, ýurdumyzda medeniýet edaralarynyň ulgamy barha giňelýär, olaryň maddy-enjamlaýyn  we guramaçylyk binýady pugtalanýar, medeni aň-bilim işiniň mazmuny, görnüşleri, usullary gitdigiçe kämilleşýär. Iňňän gysga döwrüň içinde Diýarymyzda amala aşyrylan işler medeniýet ulgamynyň düýpli ösmegine getirdi. Şeýlelikde, milli medeniýetimiz we sungatymyz täze badalgalara eýe boldy. Şonuň bilen birlikde,  aýdym-saz sungatymyz  hem ägirt uly üstünliklere beslenýär. Ajaýyp zamanamyzda gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan milli sungatymyzy ösdürmekde, kämilleşdirmekde we şu günki nesillere ýetirmekde ägirt uly işleri bitiren halypalara örän uly hormat-sarpa goýulýar.

Çagalar sungat mekdebimizde çagalara dürli saz gurallarynda saz çalmagyň, aýdym aýtmagyň inçe tilsimleri öwredilýär. Okuwçylarymyz dürli bäsleşiklere, festiwallara, baýramçylyk çärelerine yzygiderli gatnaşýarlar. Bu bolsa mekdebimiziň mugallymlarynyň aýdym-saz sungatynda geljekki aýdymçy-‑sazandalary terbiýeläp ýetişdirmekde öz goşantlaryny goşýandyklarynyň subutnamasydyr. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalaryna jogap edip, sungata höwesli ýaş nesilleri kemala getirmekde mundan beýläk-de yhlasymyzy gaýgyrmarys.

Gülşirin ŞYHYÝEWA,
Balkanabat şäherindäki 2-nji çagalar sungat mekdebiniň mugallymy.