«Nurly Aý» edýän işi göwnejaý

4 Oktýabr 2024
629

Her gezek birmeňzeşje geýnip, ak mekdebe barýan döwrümiziň bagtyýar nesillerini göreniňde, göwnüň galkynyp gidýär. Olaryň boý-syratlaryna özboluşly gelşik berýän okuwçy lybaslarynda nazaryň eglenýär. Jaňyň kakylaryna mähetdel mekdep okuwçylarynyň hersi öz synp otagyna baryp, bilimler dünýäsiniň syrly sahypalaryny agdaryp başlaýar. Ýene bir bölegi birmeňzeş sport eşiklerini geýnip, mekdebiň sport zalynda dürli bedenterbiýe maşklary bilen meşgul bolýar. Iş lybasyndaky oglan-gyzlar bolsa ýörite niýetlenen otaglarda zähmet sapagyny geçýärler.

Mekdep durmuşyny agzamak bilen biz döwrümiziň nesillerini okuwçy lybaslary, sport eşikleri bilen üpjün edýän telekeçiler barada söhbet etmek isledik. Ýurdumyzyň hususy pudagynda hereket edýän şeýle önümhanalaryň biri Mary welaýatynyň Mary şäherinde ýerleşýär. Ýaş telekeçi Maýsa Anzarowanyň ýolbaşçylygyndaky «Nurly Aý» tikinçilik öýünde, hakykatdan-da, işler göwnejaý ýola goýlupdyr. Ol ýerde mekdep okuwçylary üçin lybaslaryň, sport eşikleriniň, şeýle-de körpe nesil üçin egin-eşikleriň her aýda on müňden gowragy öndürilýär.

Keýik AHMEDOWA,
«Zenan kalby».