«Microsoft» kompaniýasy Meksikada emeli aň we bulut tehnologiýalaryny ösdürmek üçin 1,3 milliard amerikan dollary möçberinde maýa goýmagy göz öňünde tutýar. Bu maýa goýum 3 ýylyň dowamynda özleşdiriler.
Maýa goýumlary, hususan-da, kiçi we orta kärhanalara täze tehnologiýalary ornaşdyrmak, şeýle hem Meksikanyň Hökümetiniň emeli aň pudagynda ilatyň bilimini ýokarlandyrmak baradaky 5 million töweregi adamy öz içine alýan başlangyjyny goldamak üçin gönükdiriler.