Limonyň peýdasy

6 Sentýabr 2024
440

Güýzüň gelmegi bilen howa salkynlap başlady. Şonuň üçin pasyl çalşygynda döräp biläýjek sowuklamanyň öňüni almakda limonyň peýdasy uly.

Limonyň düzüminde C witamini, başga-da saglyga peýdaly birnäçe witaminler bar. 100 gram täze limonyň düzüminde 34 kkal, 0,9 gram belok, 0,1 gram ýag, 3 gram uglewodlar, 2 gram süýüm bar.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi.