Gülzarda bir gülçi bar

5 Sentýabr 2024
737

Ýaşy segsene ser uran bu gülçi zenan Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabynyň Nowbahar geňeşliginiň Gülzar obasynda ýaşaýar. Bibijan Elnazarowa 20 ýyldan gowrak wagt bäri öý şertlerinde otag güllerini ösdürip ýetişdirýär. Owadan zatlar gözeilgiç bolýar. Döredijilik sapary bilen baranymyzda Agrosenagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Daşoguz şäher geňeşiniň başlygy Gülruh Haljanowanyň iş otagyngaky güller hem bada-bat ünsümizi çekdi. Otaga bezeg berip duran owadan gülleriň bagbany bilen gyzyklandyk. Gülruh bu gülleriň müşderisiniň ýetikdigini, at-owazasynyň welaýata ýaýrandygyny aýdyp, onuň bagbany bilen tanyşdyrmaga döwtalap boldy. Gülçi zenanyň döwletli ojagynda bizi gelni Dildar garşy aldy. Ol:

— Geliň, geçiň, gaýynenemem basym geler. Buýurma boýunça gyssagly gitmeli boldy — diýdi-de, howla girmegimizi mürähet etdi. Gül plantasiýasy derwezäniň agzyndan başlanýan eken. Iç ýüzünde ýörite güller üçin niýetlenen giň otag bar. Otagyň içinde dürli güller oturdylan güldanlar hatara goýlupdyr. Al-elwan gülleriň gyra-töweregini öý arçalarydyr palmalar bezeýär. Olary ýeke-ýeke synlap barşymyza, Dildar:

Keýik UMAROWA,
«Zenan kalby».