Hasyl bolan arzuw

4 Sentýabr 2024
430

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzda ata Watanymyzyň her bir güni uly ösüşlere beslenýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň röwşen geljegi nazarlaýan oňyn başlangyçlary esasynda ýurdumyzda ýaş nesil hakda edilýän aladalar, amala aşyrylýan özgertmeler halkymyzy, şol sanda biz — ýaşlary hem täze üstünliklere ruhlandyrýar.

Meniň ýüregimde beslän arzuwym mugallym bolmakdy. Şu arzuwym meni Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyñ gapysyndan getirdi. Bu gün maňa bu ýokary okuw mekdebiniň giriş synaglaryndan üstünlikli geçip, Gündogar dilleri we edebiýaty fakultetiniñ pars dili, türkmen dili we edebiýaty hünäriniň talyby bolmak bagty miýesser etdi. Meniň begenjimiň çägi ýok. Geljekde öz alan hünärim boýunça jemgyýetimize özümiň mynasyp goşandymy goşjakdygyma Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy tüýs ýürekden ynandyrýaryn.

Şemşat AZADOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.