Ýemşen — türkmen tebigatynyň täsin agajy

23 Awgust 2024
591

Durmuşda şeýle adamlar bolýar. Olar daşymyzy gurşap alýan gözel tebigata we onuň barlyklaryna inçe synçylygy, juda aladaçyllygy, galdawlygy, amal edýän işi bilen özgelerden mese-mälim tapawutlanýarlar. Biz makalamyzyň başyny şeýle adamlaryň biri baradaky gürrüňden başlamagy makul bildik. Ol Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň Könekesir obasynda ýaşaýar. Käri boýunça biologiýa mugallymy bolup, etrabyň Döwletgeldi Ökdirow adyndaky 18-nji orta mekdebinde zähmet çekýär. Indi 30 ýyldan gowrak wagt bäri ýaş nesle biologiýa dersinden sapak berýär.

Çaryýar Aşyralyýew türkmen tebigatynyň täsin gözelliginiň hakyky janköýeri. Ol tebigata, aýratyn-da, dag tebigatyna, onuň otuna-çöpüne, janly-jandarlaryna juda belet. Inçe synçylygy bilen indi köp ýyllardan bäri olara yzygiderli gözegçilik edýär. Ine, tebigata şeýle synçylyk we ýadawsyz gözegçilikler hem Çaryýar mugallymyň iki ýyl mundan ozal türkmen tebigatynyň täsin ösümliginiň üstünden barmagyna getirdi. Şol täsin ösümlik «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen köpçülikleýin neşir edilen Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň 4-nji neşirinde ilkinji gezek öz beýanyny tapan, türkmen tebigatyndan düýbünden ýitip barýan görnüş bolan ýemşendir.

Sapargeldi DURDYÝEW,
Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň bölüm müdiri, biologiýa ylymlarynyň doktory.