«LVMH» kompaniýasynyň arassa peýdasy 14 göterim azaldy

29 Iýul 2024
144

2024-nji ýylyň birinji ýarymynda «LVMH» kompaniýasynyň girdejisi 1 göterim, arassa peýdasy bolsa 14 göterim azaldy. Hasabat döwründe kompaniýanyň arassa peýdasy 7,27 milliard ýewro barabar boldy. Deňeşdirmek üçin, bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwründe 8,48 milliard ýewro deň bolupdy. Kompaniýanyň 2024-nji ýylyň deslapky ikinji çärýegindäki girdejisi bolsa 560 million ýewro azalyp, 41,68 milliard ýewro boldy.

Ýylyň  birinji ýarymynda «LVMH» kompaniýasynyň esasy harytlary bolan moda lybaslarynyň we deriden taýýarlanylan önümleriň söwdasy 2 göterim azalyp, 20,7 milliard ýewro deň bolupdyr.

Taýýarlan: Serdar SAMATOW, TDMG-niň harby gullukçysy, kapitan.