“Arkadag” ýyldyzy — geljegiň ýagty ýoly

3 Iýul 2024
52

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň her bir güni şanly senelere, ýatdan çykmajak pursatlara beslenýär. Ajaýyp ýylymyzyň her bir güni taryha altyn harplar bilen ýazylýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýurdumyzyň ähli pudaklarynda uly ösüşlere eýe bolunýar. Ýylsaýyn özgerýän ata Watanymyzyň beýik üstünlikleri bagtly geljegimize şugla saçýar.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň diňe bir içeri syýasatynda däl, eýsem, daşary syýasatynda alnyp barylýan beýik başlangyçlar günsaýyn rowaçlanýar. Dünýä döwletleri, şol sanda iri halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyklaryň gerimi barha giňeýär. Üstünlikli ýola goýulýan ikitaraplaýyn hem köptaraplaýyn hyzmatdaşlyklaryň, dost-doganlyk gatnaşyklarynyň netijesinde ata Watanymyzyň halkara giňişligindäki abraýy barha belende galýar. Ýurdumyzda halkara giňişliginde alnyp barylýan beýik başlangyçlar bu aýdýanlarymyza güwä geçýär.