Ýaşlaryň we geljegiň şäheri

29 Iýun 2024
99

Milli Liderimiz 2018-nji ýylyň güýzünde iş sapary bilen Gökdepe etrabyna baranda, gurulmagy göz öňünde tutulýan täze şäheriň, ozaly bilen, bu ýerde ýaşaýan adamlar üçin niýetlenendigini, şonuň üçin taslamanyň maksadalaýyklygynyň şol ýaşaýjylaryň pikirine baglydygyny, aýratyn-da, ýaşlaryň nukdaýnazaryny göz öňünde tutmalydygyny, sebäbi bu işleriň hemmesiniň olaryň geljegine gös-göni degişlidigini aýtdy. Ondan bäri bäş ýyldan gowrak wagt geçdi. Şäheriň birinji tapgyrynyň gurluşygy üstünlikli tamamlandy. Gahryman Arkadagymyzyň şol wagt öňdengörüjilik bilen aýdan sözleri häzir hakykata öwrüldi. Bu şäher «ýaşlaryň we geljegiň şäheri» diýen ada mynasyp boldy.

Birinji tapgyrda hünärmenleriň, esasan-da, ýaşlaryň 15 müňden gowragy zähmet çekdi. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinden 240 talyp bu döwrebap şäheriň ýaşaýyş jaýlaryna «akylly» öý ulgamyny ornaşdyrmaga gatnaşdy. Professor-mugallymlaryň we talyplaryň gatnaşmagynda bu ýerde zähmet çekýän işgärler üçin sanly ulgam bilen baglanyşykly okuwlar geçildi. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplary tarapyndan işlenip taýýarlanylan «akylly» şäher üçin programma üpjünçiligi «Arkadagly ýaşlar» diýlip atlandyryldy.