Işler utgaşykly alnyp barylýar

18 Iýun 2024
856

Köneürgenç etrabynyň Galkynyş daýhan birleşiginiň kärendeçileri etrapda oba hojalyk işleriniň ählisinde öňdeligi saklaýarlar. Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda daýhan birleşigiň kärendeçileri 420 gektar ýerde bugdaýyň bitginli hasylyny kemala getirdiler. Daýhan birleşigi boýunça 650 gektar ýerde ekilip, endigan gögeren gowaçalara otag, hatarara bejergi işleri ýokary depginde utgaşykly alnyp barylýar. Hatarara bejergi işlerinde daýhan birleşigine degişli bolan oba hojalyk tehnikalarynyň 3-si işledilýär. Bu tehnikalara Nurmyrat Durdyýew, Arazmuhammet Sarytaýew, Jumabaý Rejepow ýaly mehanizatorlar erk edýärler.

Hatarara bejergi işleriniň geçirilmegi gowaça düýplerini ýumşatmakda, ýeriň yzgaryny saklamakda, haşal otlardan saplamakda uly ähmiýete eýedir. Bu möhüm agrotehniki işi öz wagtynda ýokary hilli geçirmäge uly üns berilýär. Her gün 25 – 30 gektar ýerde hatarara bejergi işi geçirilýär. Göreldeli kärendeçilerden Arazberdi Jumabaýew, Bazarbaý Rejepow, Jumadurdy Sarybaýew has-da tapawutlanýarlar. Olaryň göreldesine eýerip, beýleki kärendeçiler hem otag, hatarara bejergi we beýleki ideg işlerini barha ýokary depginde dowam etdirýärler. Ideg işleri kemsiz ýerine ýetirilýän gowaçalar kadaly boý alýarlar.

Gülhumar HOJAHMETOWA,
Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Köneürgenç etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni.