Pähim-paýhas ýörelgesi

6 Iýun 2024
618

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň asyrlaryň dowamynda toplan pähim-paýhasyny, ahlak we durmuş ýörelgelerini täze şertlerde olaryň many-mazmunyny umumadamzat ruhy gymmatlyklary bilen baglanyşykda açyp, ýurdumyzda geçirilýän dürli özgerişleriň paýhas esasy boljak filosofiýa gereklenýär. Bize türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ündelýän halkymyzyň durmuş filosofiýasy gerek. Bilşimiz ýaly, türkmen halky öz taryhynyň dowamynda ýurtda ýaşan danalaryň pähim-paýhasyna eýeren, öz durmuşynda olaryň öňe süren ýol-ýörelgelerinden ugur alan, iliň kabul eden ýol-ýörelgeleri «türkmençilik» diýen pähimde jemlenip, halkymyzyň ynsaply ýaşaýyş paýhasy, ýagny onuň durmuş filosofiýasy bolup çykyş edýär.

Bu günki gün biziň ýurdumyzda adamzat jemgyýetiniň has göwnejaý görnüşini, onda adamyň köp görnüşli bähbitlerini, zähmete, eýeçilige, öz pikirini erkin beýan etmäge we goramaga bolan düýpli hukuklaryny iş ýüzünde durmuşa geçirýän jemgyýetçilik gurluşy kemala gelýär. Jemgyýet ykdysady ösüşi gazanmak bilen bir hatarda durmuş maksatnamalary giňeltmäge gönükdirilen başlangyçlara ugrugýar. Biz häzirki zaman jemgyýetiniň hakyky gymmatlygynyň, Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, baýlyklarda däl-de adamlardadygyndan, olaryň bilimindediginden, hünär derejesindediginden we zähmetiniň netijesindediginden ugur alýarys.

Nurýagdy SUWHANOW,
professor.